Turkmenportal logo
Şu gün 00:46
80698069
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

22-nji maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň gün tertibi tassyklanylandan soňra GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri baradaky meselä garaldy.

Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge hem-de senagat taýdan ýakynlaşmagyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berildi.

Mejlis tamamlanandan soňra jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem mejlisiň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi.