Turkmenportal logo
Düýn 23:27
83878387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretaryny, şeýle hem Arkalaşyga girýän döwletleriň Hökümet Baştutanlaryny kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedowy kabul etdi. Ol bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna Arkalaşykda ýokary baha berilýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA başlyklyk etmek wezipesine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi we bu sammitiň ýylyň baş wakasy boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.