Turkmenportal logo
Düýn 19:00
56425642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 30% artdy

nyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 30% ýokarlanyp, 1,8 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Geňeşiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.

«Söwda dolanyşygynyň möçberi 1,8 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% ýokary boldy» — diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Arkalaşyga agza ýurtlar bilen haryt dolanyşygy 4 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7,2% artdy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn-da Russiýa, Özbegistan, Gazagystan we Belarus bilen işjeň ösdürilýär.