Turkmenportal logo
Düýn 09:49
46794679
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi we şa gyzy Takamado medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň agzasy şa gyzy Takamado bilen duşuşyp, däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen tarapy halkara dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin şa gyzy Takamado hoşallyk bildirdi — diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen geçiren iki duşuşygynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu duşuşyklar ýokary derejedäki döwletara hyzmatdaşlyga güýçli itergi berdi.

Türkmen diplomaty şa gyzy Takamadony Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy hem-de Türkmenistanyň ýokary ynsanperwer ýörelgelere we ýaş nesle edilýän alada ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, sport, daşky gurşawy goramak hem-de «ýaşyl» energetikanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ilerletmek ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýardyklaryny beýan etdiler.