Turkmenportal logo
Düýn 00:25
81198119
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin 21-nji maýda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Aşgabadyň Halkara aeroportunda Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.