Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Open World maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-na sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň agzasy Sydni Kamlager-Daw bilen duşuşdylar.
Duşuşykda geçen ýyl geçirilen C5+1 sammitiniň netijeleri, şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Open World maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-a sapar edýän Türkmenistanyň parlament wekilleri bilen duşuşanyma şat boldum. Biz geçen ýyl geçirilen C5+1 sammitiniň netijelerini, şol sammitiň geçirilmegini Trampyň administrasiýasyna teklip edendigimi, şeýle hem kanun çykaryjy häkimiýetleriň arasynda tejribe alyşmagyň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdyk» — diýip, Sydni Kamlager-Daw özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazypdyr.
Open World maksatnamasy ABŞ-nyň Kongresiniň goldawy bilen amala aşyrylýar we ABŞ bilen beýleki döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.