Turkmenportal logo
Şu gün 02:07
57445744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PSŽ kluby «Bawariýa» bilen deňme-deň oýnap, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby ýarym finalyň jogap duşuşygynda nemes «Bawariýasy» bilen 1:1 hasaby bilen deňme-deň oýnady we finala çykmagy başardy.

Duşuşyk Mýunhende geçirildi. 3-nji minutda Usman Dembele Hwiçi Kwarasheliýanyň beren pasyndan soň, hasaby açdy. 94-nji minutda Garri Keýn hasaby deňledi.

Kwarasheliýa Çempionlar ligasynyň taryhynda bir ýaryşyň pleý-off oýunlarynda yzly-yzyna ýedi duşuşykda netijeli hereket eden ilkinji futbolçy boldy. Häzirki möwsümde gruzin ýarym goragçysy 15 duşuşykda oýnady, 10 gol geçirdi we 7 gola getiren pasy berdi.

28-nji aprelde Parižde geçirilen birinji duşuşykda PSŽ 5:4 hasap bilen ýeňiş gazanypdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça fransuz kluby finala çykdy (6:5).

Finalda PSŽ-niň garşydaşy Londonyň «Arsenaly» bolar. «Arsenal» ýarym finalda Madridiň «Atletikosyny» (1:1, 1:0) ýeňip, finala çykdy. Bu «Arsenalyň» taryhynda diňe ikinji gezek finala çykmagydyr, birinji gezek bu klub 2005/06 möwsüminde «Barselona» bilen finalda oýnap, 1:2 hasaby bilen ýeňilipdi.

PSŽ ikinji ýyl yzly-yzyna finala çykdy we häzirki wagtda ol kubogyň eýesi bolup durýar.

Çempionlar ligasynyň finaly 30-njy maýda Budapeştde geçiriler.