Turkmenportal logo
Şu gün 08:13
45184518
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti «Ýerewan dialogy – 2026» atly halkara foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet düýn Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde başlanan «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara foruma gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

A. Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň energiýa pudagynyň binýadyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly işjeň güýçlendirýändigini belledi. Şeýle-de ýurduň ykdysady durnuklylygyny we jemgyýetçilik abadançylygyny saklamak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa geçişi üçin amatly gurşawy döretmek ugrunda eýýäm anyk ädimleri ädendigi bellenildi. Bu ugurda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleriň deňagramly ösüşine aýratyn üns berilýär.

Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ilata üznüksiz energiýa üpjünçiligini kepillendirmek, täze ugurly ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de çekilen maýa goýumlarynyň artykmaçlyklaryna ähli jemgyýetleriň deň derejede elýeterliligini üpjün etmek görkezildi.

Türkmen wekili halkara hyzmatdaşlygyň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, Birleşen Milletler Guramasy hem-de halkara maliýe edaralary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi — diýip, çeşmede habar berilýär.