Turkmenportal logo
Düýn 11:55
95059505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşini kabul etmäge taýýarlyk görýär

Türkmen paýtagty 22-nji maýda geçiriljek GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini kabul etmäge taýýarlyk görýär. Çärä görülýän taýýarlyk işleri Minsk şäherinde geçirilen Arkalaşyga agza ýurtlaryň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy — diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň metbugat gullugy habar berýär.

GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenkonyň sözlerine görä, başlyklyk edýän tarap ähli gatnaşyjylary çagyryp, gün tertibini goşmaça ylalaşdy. Oňa ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny hem-de Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 12 mesele girizildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatyna laýyklykda, esasy meseleleriň hatarynda maslahat-sergi işi boýunça hyzmatdaşlyk, GDA ýurtlarynyň çägindäki ulag geçelgelerini utgaşdyrmak, dag-magdan metallurgiýa toplumynyň sanly özgertmeleri, şeýle hem radionawigasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bar.

Mejlisde hemişelik wekiller 17-nji aprelde Moskwada geçirilen GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijelerini hem jemlediler we kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri kesgitlediler. Şeýle-de Arkalaşygyň demir ýol ulagynyň ösüş mümkinçilikleri hem-de GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkeziniň ýolbaşçysy Ýewgeniý Sysoýewiň 2023–2025-nji ýyllar üçin terrorçylyga garşy maksatnamanyň netijeleri baradaky hasabaty aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

2026-njy ýylda Türkmenistan GDA-nyň guramalarynda başlyklyk edýär.