Turkmenportal logo
Şu gün 13:58
84168416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny pleý-off tapgyryndan başlar

Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2026/27-nji ýylyň möwsüminiň klub ýaryşlaryna gatnaşjak klublaryň sanawyny aýan etdi. Oňa Türkmenistandan iki klub — ýurduň çempiony «Arkadag» we kümüş medalyň eýesi «Ahal» wekilçilik eder.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny pleý-off tapgyryndan başlar. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykar, ýeňlen halatynda bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyşyny dowam etdirer.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynda ikinji orny eýelän «Ahal» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gönüden-göni ýollanma aldy.