Turkmenportal logo
Şu gün 10:23
78257825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň FAW Trucks kompaniýasy Türkmenistanda öz ornuny giňeldýär

Hytaýyň ýük awtoulaglaryny öndürijisi FAW Trucks (China First Automobile Works) 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Türkmenistanda öz tehnikasyna bolan islegiň rekord derejede artandygyny hasaba aldy. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi distribýutory — «Şanly Kerwen» hojalyk jemgyýeti habar berdi.

Şeýle hem bellemeli zatlaryň biri, şeýle-de «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda kompaniýanyň resmi distribýutory bolup çykyş edýär.

Ulag bazarynyň bilermenleriniň bahalandyrmagyna görä, 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli FAW Trucks kompaniýasynyň Türkmenistanda täze agyr ýük awtoulaglary segmentindäki paýy 25%-e ýetip biler. Islegiň artmagyna ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli infrastruktura taslamalary itergi berýär. Bu taslamalaryň çäklerinde hytaý öndürijisiniň tehnikasy milli gurluşyk we ulag kompaniýalary tarapyndan giňden ulanylýar.

Öndüriji Türkmenistandaky howa şertlerini nazara alyp, ulag kysymlarynyň hataryny uýgunlaşdyrdy: ýük awtoulaglary +50°C-den ýokary howa temperaturasynda işlemäge niýetlenen güýçlendirilen sowadyş ulgamy, ownuk tozan we çägä garşy süzgüç ulgamlary, şeýle hem ýylylygy saklaýyş derejesi ýokarlandyrylan kabinalar bilen üpjün edilendir.

Mundan başga-da, FAW Trucks kompaniýasy suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) bilen işleýän ýük awtoulaglarynyň üpjünçiligini giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu ugur Türkmenistanyň ulag pudagyny ekologiýa taýdan arassa ýangyç görnüşlerine geçirmek boýunça döwlet strategiýasyna laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň dünýäde iň iri gorlaryna eýe ýurtlaryň biridir.

Habarlaşmak üçin: +99363919266