Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn gurluşygy we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy H.Subaý bilen duşuşdy.
Duşuşyk ýapon kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän beýleki hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Taraplar dekabr aýynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky 16-njy mejlisine taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.