Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetçilikli toparyň ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-Hytaý adaty däl hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykdan soňra Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda açylan Adaty däl lukmançylyk otagynda adaty däl lukmançylygyň ähli ugurlaryny ýokary derejede özleşdirmegi öz içine alýan bölümler hereket edýär. Olaryň hatarynda bu ugruň dürli görnüşlerini ulanmaga niýetlenilen otaglaryň, ylmy barlaghanalaryň bolmagy adaty däl lukmançylyk ugry boýunça ylmy işleri alyp barmaga, talyplaryň bu ugur boýunça oňyn tejribe toplamagyna ýardam berer.