Turkmenportal logo
Düýn 20:49
63996399
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen «BMG-Syýahatçylyk» guramasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «BMG-Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuter bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda sanlylaşdyrma we innowasiýalar, maýa goýumlaryny çekmek, täze iş orunlaryny döretmek, syýahatçylyk pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem medeni we tebigy mirasy gorap saklamak ýaly meseleler bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy Durnukly we daşky şertlere uýgunlaşan syýahatçylygyň halkara ýyly – 2027-niň yglan edilmegini, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça degişli Ýol kartasynyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda işe girizilmegini goldady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şolaryň çäklerinde 15-nji aprelde talyplar we milli hünärmenler üçin syýahatçylyk pudagyny dolandyrmak boýunça BMG-niň Syýahatçylyk guramasy tarapyndan ýöriteleşdirilen okuw sapagynyň geçirilmegi hem bellenildi.

Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň saýlawly düzümlerine has işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň guramanyň Ýewropa sebitleýin komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň amaly taraplaryny, şol sanda 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde talyplar we milli hünärmenler üçin syýahatçylyk ulgamynda dolandyryş meseleleri boýunça «BMG – Syýahatçylyk» guramasy tarapyndan ýöriteleşdirilen okuw maslahatynyň geçirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň saýlawly düzümlerine has işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy, şeýle hem guramanyň Ýewropa sebitleýin komissiýasynyň 72-nji mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly meselelere garaldy – diýlip, çeşmede bellenilýär.