Turkmenportal logo
Şu gün 08:36
28212821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alpaslan: Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary «Bir millet, iki döwlet» ýörelgesine esaslanýar

14-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagtyndaky Türkiýäniň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde dabaraly ýagdaýda Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Nadir Alpaslan, şeýle hem Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok gatnaşdy.

Ilçi Demirok gutlag çykyşynda Türkiýäniň geografik ýerleşişi, tebigy gözellikleri, özboluşly aşhanasy we baý taryhy-medeni mirasy netijesinde dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde tanalýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, ýurt ýylyň dört paslynyň dowamynda dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Şeýle hem ilçi Türkiýäniň Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Öz gezeginde, ministriň orunbasary Alpaslan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda syýahatçylygyň strategik ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Onuň sözlerine görä, Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary adaty diplomatik gatnaşyklaryň çäginden has giň bolup, «Bir millet, iki döwlet» ýörelgesine esaslanýar. Şeýle hem ol häzirki wagtda Türkiýäniň diňe deňiz kenarynda dynç alyş üçin niýetlenen ýer däl-de, eýsem arheologik, gastronomik, sagaldyş we dini syýahatçylygy öz içine alýan köptaraplaýyn syýahatçylyk merkezi hökmünde özüni görkezýändigini aýtdy.

Alpaslan şeýle hem Türkmenistanyň özboluşly taryhy mirasy bilen Türkiýäniň dünýä derejesindäki syýahatçylyk brendiniň utgaşmagy Beýik Ýüpek ýolunyň dünýäniň iň özüne çekiji syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilmegine täze itergi berjekdigine umyt bildirdi. Şeýle hem ol ileri tutulýan ugurlaryň arasynda özara maýa goýumlaryny ösdürmegi we iki ýurduň ulag infrastrukturasyny has netijeli peýdalanmagy agzady.

Çäräniň çäklerinde fotosurat sergisi açyldy, şeýle hem myhmanlara türk milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.