Turkmenportal logo
Şu gün 07:22
67826782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň Prezidentini wezipä saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Ameda Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nizar Ameda tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Yrak Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.