Turkmenportal logo
Şu gün 09:01
66796679
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi badalga aldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleri tarapyndan bilelikde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi geçirilýär

Golaýda bu bäsleşik ýurduň Lebap welaýatynyň zehinli çagalarynyň çykyşlary bilen badalga aldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrda üstünlikli çykyş eden 6 – 14 ýaşly zehinli mekdep okuwçylarynyň 194-si gatnaşdy.

Örän täsirli geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde aýtmaklarynda ýokary joşgun bilen ýerine ýetirilen «Garaşsyzlygyň merjen dänesi» aýdymy bu ýere ýygnananlar gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy aldylar.