Turkmenportal logo
Düýn 21:44
79387938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistanyň Lahor şäheri Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmek we täze mümkinçilikleri öwrenmek maksady bilen, Ilçihana bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurduň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi. Şonuň ýaly-da, şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän we dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe telekeçileri bir ýere jemleýän halkara işewürlik forumlaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli söwdany giňeltmegiň ýollaryny gözlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.