Turkmenportal logo
Düýn 21:34
75827582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen medeni çärä gatnaşdy

7-nji aprelde Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäre baý medeni maksatnamany öz içine aldy. Onuň çäginde konsert geçirildi, milli tagamlar hödür edildi hem-de tematiki sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň ilçihanasy öz sergi diwarlygynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän elde dokalan halylary, milli şaý-sepleri we sowgatlyk önümleri tanyşdyrdy. Şeýle-de çärä gatnaşan myhmanlar üçin Türkmenistanyň milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi döredildi.

Çärä gatnaşanlaryň aýratyn ünsüni sazly çykyşlar çekdi. Has takygy, çärede türkmeniň däp bolan saz gurallary bolan dutar we gyjakda ýerine ýetirilen sazlar ýaňlandy. Artistleriň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Türkmen dizaýneri Göwher Pirkulyýewa Azerbaýjandan we Täjigistandan bolan dizaýnerleriň işleri bilen birlikde milli egin-eşikleriň gözelligini görkezdi.