Turkmenportal logo
Düýn 17:23
63086308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleri geçirdiler

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellediler. Mysal üçin, 3-nji aprelde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň binasynda küşt, şaşka we stol tennisi boýunça ýaryşlar guraldy. Bu bäsleşiklere Gyrgyz Respublikasynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Bişgegiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

5-nji aprelde Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan futbol ýaryşy geçirildi. Oňa «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary, şeýle hem Türkiýede okaýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bolsa ýaşlaryň we daşary ýurtdaky watandaşlarynyň arasynda işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen sport we sagaldyş çäreleriniň tapgyryny öz içine alýan «Saglyk hepdeligini» gurady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çäreleriň maksatnamasyna kiçi futbol boýunça ýaryş, ýeňil atletika ylgawy, şeýle hem gir daşyny götermek we armrestling boýunça bäsleşikler girizildi.