Turkmenportal logo
07.04.26
92379237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Bäsleşikler Gyşky sport görnüşleriniň sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa üç görnüş boýunça çykyş eden 19 türgen gatnaşdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Basic görnüşi boýunça baýrakly orunlary Mariýa Wyžlakowa, Weronika Öwezowa we Melisa Ýuje eýelediler. Basic Novice görnüşi boýunça baýrakly orunlar Aýlar Ekäýewa, Mährijemal Rozyýewa we Alýona Gorýunowa miýesser etdi. Intermediate we Advanced Novice görnüşleri boýunça zenanlaryň arasynda Leýla Gaýlyýewa, erkekleriň arasynda bolsa Rahman Hojamgulyýew ýeňiji boldy.

Çeşmäniň bellemegine görä, baýrakly orunlary eýelänleriň aglabasy figuralaýyn typmak boýunça tälimçi, Belarus döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň uçurymy Ilina Karimowanyň şägirtleridir. Ol 2019-njy ýyldan bäri ýetginjekler ýygyndysynyň milli tälimçisi bolup işleýär. Onuň şahsy üstünlikleriniň arasynda 2012-nji ýylda geçirilen «Dubaýyň Altyn kubogy» atly halkara ýaryşynda ýetginjekleriň arasynda gazanan altyn medaly bar. Şol ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary bäş medal gazandy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşmak boýunça eýýäm tejribe topladylar. Neşiriň bellemegine görä, ýaş figuralaýyn typýanlaryň esasy maksady 2027-nji ýylda Krasnoýarsk şäherinde geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrdan geçmek bolup durýar.