Keniýanyň etraplarynyň birnäçesinde golaýda ýagan çabgalar netijesinde dörän sil joşmalarda pida bolanlaryň sany 110 adama ýetdi. Bu maglumaty ýurduň häkimiýetleri tassykladylar diýip, «kabar.kg» ýazýar.
Ýurduň Içeri işler we utgaşdyrmak ministrliginiň habar bermegine görä, sebitleriň 30-dan gowragy çabgalar netijesinde dörän sil joşmalardyr beýleki tebigy hadysalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa, jemagatlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna hem-de möhüm infrastrukturanyň çynlakaý ýitgi çekmegine getirdi.
«Naýrobide has kän adam heläk boldy – 37 adam, ondan soňra Gündogar sebit (26 adam) we Rift-Walli (14 adam) gelýär» diýlip, ministrligiň resmi beýanatynda aýdylýar.