Arhiw

“Windows 10” operasion ulgamy

0
16478

“Windows 10” operasion ulgamy ulanyjylara “Microsoft” kompaniýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 29-njy iýulynda hödürlendi.

“Windows 10”-yň beýleki “Windows” operasion ulgamlaryndan esasy aýratynlygy – hem kompýuter, hem smartfonlar, hem planşetlere laýyk gelmegi, ýagny enjamlaryň ählisine şol bir “Windows 10” operasion ulgamyny gurnap bolýar. “Microsoft”-yň aýtmagyna görä, “Windows 10”, “Windows” operasion ulgamlarynyň iň soňkusydyr. Mundan beýläk “Microsoft” kompaniýasy “Windows” operasion ulgamyny çykarmaz. Şuňa laýyklykda, “Microsoft” ähli ulanyjylaryny “Windows 10” operasion ulgamyna geçirmegi meýilleşdirýär. Agzalanlardan  ugur alyp, “Windows 7” we “Windows 8” ulanyjylary üçin “Windows 10” operasion ulgamyna geçmek mugtdygyny nygtamak bolar.

Mundan başga-da, “Microsoft” kompaniýasy “Windows 10” operasion ulgamynyň ähli ulanyjylary üçin ýeketäk platforma döretdi, zerur programmalary bolsa “Microsoft” kompaniýasynyň ýeketäk internet dükanyndan alyp gurnap bolýar. Ýene bellemeli zat, “Microsoft” kompaniýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, olar şahsy maglumatlaryň güýçli howpsuzlygyny döretdiler. Howpsuzlyk tarapy öňki “Windows”-lara görä has hem güýçli.

Ulanyjylaryň köp wagtlap garaşan “Start” menýusy ahyry “Windows 10”-da peýda boldy. Bilşimiz ýaly,  ulanyjylaryň öwrenişen “Start” menýusy mundan öňki “Windows 8” operasion ulgamynda ýokdy. “Windows 10”-yň “Start” menýusy “Windows 7”-iňkä meňzeş, emma has owadan we bu menýuny ulaldyp we kiçeldip bolýar. “Start” menýusyny hem ýönekeý, hem “Windows 8”-däki ýaly doly ekranda görüp bolýar. Şeýle-de, “Windows 10”-da programmalaryň interfeýsi has owadanlaşdy (“Metro” interfeýs) we birbada birnäçe programmalary ulanmak we olary aýratyn ýerde ýerleşdirmek mümkinçiligi döredi. Meselem, ulanyjylar birbada birnäçe iş stoluny döredip, olaryň hersinde aýratyn programmada işläp bilerler. 

“Windows 10”-da “command prompt” hem öňküsine görä has köp funksiýalary ýerine ýetirýär. Interfeýsi öňküsi ýaly gara, içinde bolsa, “Ctrl+V”, “Ctrl+X” ýaly kombinasiýalary ulanmak bolýar. Gözleg ulgamy has tizleşdi, kompýuteriň ähli faýllarynyň arasynda we internetde düýpli gözleg edip bolýar. Windows prowodniginiň hem funksiýalary köpeldi. Muňa mysal edip, prowodnikde köp ulanýan papkalarymyzy, faýllarymyzy ýerleşdirip bolýandygyny aýtmak bolar.

Bellenip geçilmeli iň möhüm zatlardan ýene biri – “Windows 10”-daky täze “Microsoft Edge” brauzeri. Bu düýbünden täze, işleýşi ýeňil, ulanmaga oňaýly brauzer. “Microsoft Edge” brauzerinde web sahypalaryň islendik bölegini, ýazgylaryny kesip, saýlap we ony bellik hökmünde kompýuterde goýmak bolýar. Ulanyjylaryň bu brauzer hakynda pikirleri örän oňyn. Eger ulanyjylar köne “Internet Explorer” brauzerini ulanaslary gelýän bolsa, “Windows 10” bu brauzeri hem gurnamaga rugsat berýär.

“Windows 10” operasion ulgamyny şu saýtdan satyn almak ýa-da täzelemek bolar: http://microsoft.com/ru-ru/windows

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar