Turkmenportal logo
05.04.21
1478314783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda"

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY


Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň


rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete


girizmek hakynda


1-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamaly (goşulýar).


2-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizmeli.


3-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň güýje giren gününden şulary bellemeli:


1) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gelip gowşan we birinji, nägilelik we gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetleri tarapyndan seredilmedik işler şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;


2) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň birinji basgançakly arbitraž kazyýetine gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;


3) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetlerine gelip gowşan nägilelik şikaýatlary we teklipnamalary, şeýle hem gözegçilik tertibinde gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;


4) kanuny güýje girmeli möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna  ýa-da şondan soňky möhlete gabat gelýän, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli çykarylan, ýöne şikaýat edilmedik birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgütlerine şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 162-nji maddasy bilen bellenilen möhletde nägilelik basgançagyna şikaýat edilip ýa-da olara teklipnamalar getirilip bilner;


5) gözegçilik tertibinde şikaýatlary we teklipnamalary bermegiň möhletleri şu Kanun bilen güýje girizilen pursadyndan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 176-njy maddasyna laýyklykda hasaplanylýar.


 


 


Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly


  Prezidenti                                                    Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.


2021-nji ýylyň 13-nji marty.


№ 331-VI.

Başga-da bu temada