Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edýändigini yglan edýär

0
65014
Salgysy:
Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köç. 73.
Telefon belgiňiz:
48-62-89, 48-62-75.
Soňky täzelenme:

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe; bank işi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (jemgyýetçilik iýmitinde); döwlet we ýerli dolandyryş; täjirçilik; zähmetiň ykdysadyýeti; marketing; harytşynaslyk; işewürlik-informatika).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda).

3. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: hili dolandyrmak).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 22-si, 24-i we 25-i günleri;
  • Balkan welaýaty — iýul aýynyň 23-i, 24-i we 26-sy günleri;
  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 29-y we 30-y günleri;
  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 31-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

 

Salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73.

Telefon: 48-62-89, 48-62-75.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler