Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkara söwda we hyzmatlar 2025» (ITSE) kompaniýalary täze işewürlik mümkinçiliklerini açmaga çagyrýar

09:3310.04.2025
0
15819

Aşgabatda geçiriljek «Halkara söwda we hyzmatlar 2025» (ITSE) sergisi işewürligi ösdürmek we höweslendirmek üçin esasy meýdança bolmaga gönükdirilendir. Bu çäre kompaniýalara täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we müşderileri çekmek, bazaryň öňdebaryjy wekilleri bilen tejribe alyşmak, eksport mümkinçiliklerini berkitmek, logistika amallaryny ýeňilleşdirmek, girdejili söwda we maýa goýum şertnamalaryny baglaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

«ITSE 2025» ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan, şol sanda oba hojalyk işewürligi, elektron täjirçilik, senagat önümçiligi, hyzmatlar ulgamy, döredijilik pudaklary we senetçilik ýaly ulgamlaryň wekillerini bir ýere jemlär.

Dürli bazarlaryň aýratynlyklaryny has jikme-jik öwrenmäge we halkara işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýän mowzuklaýyn we ýurtlaryň pawilýonlary çäräniň esasy aýratynlygy bolar. Gatnaşyjylara pudagyň öňdebaryjylary bilen tejribe alyşmak we global tendensiýalar, ösen tehnologiýalar barada iň täze maglumatlary almak mümkinçiligi dörediler.

Serginiň Aşgabatda 29-njy aprelden 1-nji maý aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Gatnaşmak we hasaba alynmak barada has anyk maglumatlar üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • telefonlar: (+993 63) 71 85 43, (+993 63) 71 95 88;
  • elektron poçta: itse@turkmenexpo.com;
  • web-saýt: itse.turkmenexpo.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň