«Aşgabat» gipermarketinde kofe enjamyny we kofe saýlamaga ýardam edýärler

12:1826.03.2024
0
17552

Gowy kofe enjamyny satyn almak isleýärsiňizmi? Belki-de, edil häzir ähli tagam talaplaryna laýyk edilip taýýarlanylan, ysy burk urup duran bir bulgur kofäniň lezzetini duýmak göwnejaý bolar? Müşderiler şeýle datly kofäni taýýarlamak üçin gerek bolan zatlaryň hemmesini «Aşgabat» gipermarketinden tapyp bilerler.

Ine, bu barada gipermarketiň hünärmeni şeýle belleýär: «Germaniýadan, Italiýadan we Russiýadan göni üpjün edilendigi üçin, biziň bölümimizde hödürlenýän kofe enjamlarynyň we kofäniň ýokary hilli bolmagyny kepillendirýäris».

Bu enjamlaryň modelleriniň köpdürli görnüşi — öýde ulanmaga laýyk boljak ykjam görnüşinden başlap, kafe we restoran üçin niýetlenen ýörite enjamlara çenli dürli brendler islegleriňize laýyk gelýän kofe maşynyny saýlamaga mümkinçilik berer. Bu ýerde däneler üçin 27 görnüşli kofe maşynlary we kapsulaly kofe üçin hem 12 görnüş hödürlenýär: Nespresso, Saeco, Gastroback, Krups, Sage, Delonghi hem-de beýleki belli öndürijileriň enjamlary gipermarketiň assortimentinde durýar.

Kofe noýbasynyň we kapsulalaryň baý haryt görnüşi, ýakymly, hoşboý ysly kofeler islendik islegli — nusgawy espressodan we Amerikanodan başlap, ajaýyp lattelere hem-de kapuksinolara çenli hiç bir adamy biperwaý goýmasa gerek.

«Aşgabat» gipermarketine gelýänler öýleri we maşgalasy üçin zerur bolan dürli zatlary tapyp bilerler. Giň söwda zallarynda öňdebaryjy dünýä hem-de türkmen öndürijileriniň müňlerçe önümleri bar: täze azyk harytlary, süýjülikler, öý üçin harytlar, hojalyk enjamlary, mebeller, egin-eşik, aýakgap we başgalar.

Gipermarketiň çäginde çagalar meýdançasynyň bardygyny ýatladýarys. Ýagny çagalar oýnap dynç alýan mahalynda, ene-atalar özbaşdak erkin söwda edip bilerler.

Mundan başga-da, «Aşgabatdan» zerur zatlaryň hemmesini öýüňizden çykmazdan sargyt edip bilersiňiz. Mobil goşundysyny ulanmak arkaly diňe bir dürli harytlary satyn almak bilen çäklenmän, «Aşgabat» restoranyndan taýýar tagamlary hem öýüňize sargyt etmek mümkinçiliginden peýdalanmak bolýar. Mobil goşundysy Google Play we AppStore internet dükanlarynda göçürip almak üçin elýeterlidir.

Gipermarket «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «B» blogunyň 0-njy gatynda ýerleşip, her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň