Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» gipermarketi: ýylyň bütin dowamynda ter gök-bakja we miwe önümleri

11:5002.03.2024
0
34142

«Aşgabat» gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar! Bu ýerde ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler we miweler, otlar, kömelekler, şeýle hem häzirki wagtda bu önümleriň hatarynda meşhur bolan seldereý gök önümi alyjylara ýetirilýär.

Soňky döwürde seldereý «Aşgabatda» köpçülikleýin satyn alynýan gök önümleriň birine öwrüldi. Ony dükanda dürli ýaşdaky müşderileriň sebetlerinde görmek bolýar. Az kalorili, witaminlere baý we köptaraply peýdaly bolan bu önüm agramyna ideg edýän, saglygyny berkitmek isleýän ýa-da diňe datly we peýdaly tagamlary halaýanlar üçin tüýs laýyk önümdir.

Seldereýden başga-da, gipermarketiň tekjelerinde tagamlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanýan, gündelik iýmitiňizi witaminler bilen baýlaşdyrmaga ukyply beýleki ter gök-bakja önümleriniň we miweleriň köp dürli görnüşleri hödürlenýär.

Işdäaçarlary halaýarsyňyzmy? Onda bu ýerde hödürlenýän kitirdewük hyýarlar, tagamly pomidorlar, süýji bolgar burçy, ýumşak salat ýapraklary, hoşboý ysly kinza hem-de petruşka ýaly önümler göwnüňizden turar.

Tagamly çorbalary taýýarlamagy gowy görýärsiňizmi? Onda oňa bu dükanda amatly bahalardan ýetirilýän käşir, süýji ýeralma, ýokumly sogan, şugundyr ýa-da naharyň tagamyny baýlaşdyrjak sarymsak ýaly ter önümleri goşuň.

Belki süýji tagamly miweler bilen şähdiňizi açmak isleýänsiňiz? Alma, hoşboý ysly armyt, şireli erik, datly şetdaly ýa-da ýumşak garaly ýaly miweler bilen göwnüňizi göteriň.

«Aşgabat» gipermarketi önümleriň ýokary hilliligini kepillendirmek üçin önümleri terligine ýetirýän ýerli daýhan hojalyklary hem-de daşary ýurtlardan üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

«Aşgabat» gipermarketiniň öz önümhanasynda öndürilen süýt önümleriniň köp dürli görnüşlerini hödürleýändigini hem ýatladýarys: bu ýerde «Paýtagt», «Ýagly» we «Mazarella» haryt nyşanly syrlaryň 12 dürli görnüşi, şeýle hem gaýmak, dorag, mesge ýagy ýaly önümler bar.

Gipermarketde söwda etmegiň peýdaly taraplary barada bilmek üçin «Aşgabatdan» azyk önümlerini satyn almagyň esasy 5 sebäbi» atly makalany okap bilersiňiz.

Gipermarket şu salgyda ýerleşýär: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 0-njy gat, «B» blok.

Mundan başga-da, gipermarketden harytlary (+993 65) 81 22 92 telefon belgisi arkaly habarlaşyp, ýa bolmasa-da gipermarketiň Google Play we AppStore internet dükanlarynda elýeterli bolan mobil goşundysyny ýükläp alyp sargyt edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň