Top.Mail.Ru

ÝHHG-niň başlygy guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi

19:3710.10.2023
0
27777

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Türkmenistana edýän saparynyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi. B.Osmani bu ýerde ösüşiň we durnuklylygyň alamaty hökmünde ilkinji agaç nahalyny ekdi.

«Ilçi MakGregora we siziň toparyňyza mähirli garşy alanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn. ÝHHG-niň başlygy hökmünde men ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ähli işgärleriniň çeken zähmetine ýokary baha berýärin» diýip, Buýar Osmani Twitterde ýazdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy. Şeýle hem Buýar Osmani Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň