Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

23:3609.10.2023
0
15116

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri wagt tapyp kabul edilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň döredijilikli syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ol Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleleri çözmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, bu sapara Türkmenistan bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Bu hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar - diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmagyň, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň möhümdigini nygtap, meseleleriň giň toplumy boýunça syýasy dialogy alyp barmakda ÝHHG-niň uly ornunyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi, bu gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça maksatnamalaýyn esasda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirdi. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde "Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny" atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň rüstemligini üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm orun berilýändigini aýdyp, bu ugurda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň