Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Mejlisinde Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri kabul edildi

11:3010.10.2023
0
26417
Türkmenistanyň Mejlisinde Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri kabul edildi
Surat: mejlis.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

9-njy oktýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine ähmiýet berdi.

Bulardan başga-da şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatyň, Kanadanyň Wankuwer şäherinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 30-njy mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşandyklaryny hem-de öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berendigini bellediler.

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, söhbetdeşler kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Düýn Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmanini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kabul edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň