Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy, Aşgabatda noýabr aýynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumy geçiriler we beýleki habar

12:2419.09.2023
0
30334

Türkmenistanda

1. Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşygyň netijesinde yglan edildi.

3. Aşgabatda Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ykdysady ösüş: Innowasiýalar we senagatlaşma» atly Ýokary tehnologiýalar hepdeligi başlandy. BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde guralan bu çäre utgaşykly görnüşde geçirilýär we 21-nji sentýabra çenli dowam eder. Forum tehnologiýalary ösdürmek, sanly innowasiýalary ilerletmek we olaryň özara gatnaşykda bolan hem-de durnukly jemgyýeti gurmaga nähili goşant goşýandygyny görkezmek üçin bilimleri we tejribeleri alyşmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri öz içine alýar.

4. Türkmen wekiliýeti Astrahanda geçirilýän VIII Hazar mediaforumyna gatnaşýar. Forumda «Serhetsiz Hazar» atly iň gowy žurnalistik iş üçin 10-njy halkara bäsleşigiň jemi jemlener. Bäsleşige Hazarýaka döwletlerinden 450-den gowrak habar beriş serişdesi we blogerler öz işlerini iberdiler.

5. Türkmenistanda 1-nji sentýabrda başlanan we aýyň ahyryna çenli dowam etjek «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň parahatçylygy» atly biraýlygyň çäklerinde çäreleriň geçirilmegi dowam edirýär. Şeýlelikde, biraýlygyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Türkmenabat – Mary ýolunyň ugrunda ýerleşdirilen ýol belgileri we duýduryjy alamatlar täzelendi. Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki 42-nji orta mekdepde bolsa ýerli kitaphananyň guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Mugallymlar we Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri mekdep okuwçylarynyň öňünde çykyş edip, ýol hereketiniň kadalaryny giňişleýin düşündirdiler.

Dünýäde

6. Gazagystanda gazak diline terjime edilen Garri Potter hakyndaky kitaplar tanyşdyryldy. Terjime edilen ýaş jadygöý hakyndaky hekaýa «Comic Con Astana» festiwalynyň çäginde «Steppe&World» neşiri tarapyndan hödürlendi. «Steppe&World» dünýäde iň köp satylan kitaplary gazak diline terjime etmek we olary gazak ýaşlarynyň arasynda olaryň meşhurlygyny artdyrmak bilen meşgullanýar. Garri Potter hakyndaky hekaýalar toplumyndan başga-da, neşir ýüzden gowrak kitaby we komiskleri terjime etdi.

7. 15-nji sentýabrdan «Bangkok Airways» awikompaniýasynyň ýolagçylary uçara münmezden ozal el goşlary bilen agramlaryny ölçetmelidirler. Awiakompaniýa munuň ýolagçylaryň ortaça agramy barada maglumat toplamak we uçuşyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny düşündirdi. Ýolagçylaryň agramy baradaky maglumatlar ýolagçylaryň we goşlaryň agramy baradaky standart maglumatlary täzelemek üçin ulanylar. Awiakompaniýa maglumatlaryň gizlin saklanjakdygyny we aýan edilmejekdigini belleýär. Awiakompaniýa ýolagçylaryň agramyny 31-nji oktýabra çenli ölçär.

Sport habarlary

8. «Aşgabat» stadionynyň tennis meýdançalarynda tamamlanan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna we birinjiligine ýurduň dürli künjeklerinden 273 türgen gatnaşdy. Ýeňijiler ýekelikde we jübütleýin bäsleşiklerde kesgitlenildi. Erkekleriň arasynda final duşuşygynda ýurduň 5 gezek çempiony bolan Ýuriý Rogusskiý Meýlis Orazmuhammedowdan ýeňildi. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Türkmenistan milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» klubynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň şägirdi 13 ýaşly Ilima Guseýnowa bassyr ikinji ýyl çempion boldy.

9. Şu gün «Aşgabat» stadionynda sagat 21:00-da «Ahal» we «Al-Feýha» toparlarynyň arasynda AFK Çempionlar ligasynyň brinji tapgyrnyň duşuşygy geçiriler. Türkmenistanyň çempiony ýer eýesi hökmünde ak köýnekçede meýdança çykar, Saud Arabystanynyň klubynyň oýunçylary bolsa mämişi reňkli köýneçede oýnarlar. «Ahal» we «Al-Feýha» Özbegistanyň «Pahtakor» we BAE-niň «Al-Aýn» toparlary bilen birlikde «A» toparçada çykyş ederler.

10. Türkmenistanly türgenleriň ilkinji topary 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Hytaýyň Hançžou şäherine geldi. Türkmenistan Aziýa oýunlaryna sekizinji gezek gatnaşýar. Hançžou şäherine gelen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 12 sport görnüşinde çykyş etjek 67 türgen bar. 2018-nji ýylda Indoneziýada geçirilen öňki Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bir kümüş we iki bürünç medal gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň