Türkmen wekiliýeti Astrahan şäherinde geçirilýän Hazar mediaforumyna gatnaşar

14:5618.09.2023
0
27608

18-19-njy sentýbarda Russiýanyň Astrahan şäherinde Hazar mediaforumy geçirilýär. Onuň çäklerinde «Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi. Täze durmuş — täze mümkinçilikler» atly ara alyp maslahatlaşmalar guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Hazar mediaforumy Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan, şeýle hem Belarusdan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan wekilleri kabul eder. Onuň esasy temasy «Jemgyýetçilik diplomatiýasy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri halklary ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde» diýlip atlandyrylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, oňa gatnaşyjylar halkara ulag geçelgesiniň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini, şeýle hem Hazar sebitinde aýratyn ykdysady zolaklary döretmegiň we ösdürmegiň mümkinçiliklerine syn bererler. Onda «Türkmenistanyň Ulag-logistka merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Russiýadaky şahamçasynyň direktory Merdan Meretgylyjow çykyş eder diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň