Taýlandyň «Bangkok Airways» awiakompaniýasy 15-nji sentýabrdan ýolagçylaryň el ýüki bilen birlikde agramyny çekip başlady. Awiagatnadyjy öz saýtynda munuň ýolagçylaryň umumy agramynyň uçuş agramynyň iň ýokary derejesinden geçmeýändigini anyklamak maksady bilen ýola goýlandygyny düşündirdi. Bu uçuşyň howpsuzlygy we maksadalaýyklygy üçin möhümdir.
Kompaniýa ýolagçylary 31-nji oktýabra çenli çeker. Syýahatçylar barada alnan maglumatlar gizlin saklanar diýlip, kompaniýanyň resmi saýtynda bellenýär.
Bu barada «News.ru» ýazýar.