Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady. Döwlet Baştutanynyň ABŞ-na sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşindäki birinji duşuşygyna gatnaşar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we çagalar seýilgähini 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
4. Türkmenistanda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň mejlisinde demir ýol düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
6. 14-15-nji oktýabr aralygynda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň we ýaş zehinleriniň gatnaşmaklarynda ilkinji kinofestiwal geçiriler. Kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini ajaýyp Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
7. Türkmenistanyň Prezidenti Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli 18 – 27 ýaş aralygyndaky, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary harby gulluga çagyrylar. Şunuň bilen birlikde, şol döwürde Kanun tarapyndan bellenen möhletleri gulluk eden we çagyryş boýunça harby gullgy geçen harby gullukçylar harby gullukdan boşadylar.
Dünýäde
8. Hýu Jekman we aýaly Debora-Li Jekman 27 ýyllyk nikadan soň aýrylyşmak kararyna geldiler. Aktýorlar «şahsy ösüşini dowam etdirmek» üçin aýrylyşmagy meýilleşdirýändiklerini düşündirdiler. Är-aýal aýrylyşmaklarynyň hakyky sebäbini habar bermeýärler. «Biz ajaýyp we söýgüden doly nikada üç onýyllyga golaý är-aýal bolup bile ýaşadyk. Indi biziň ýolumyz üýtgeýär» diýip, olar metbugatyň wekillerine habar berdiler. Aktýoryň Debora-Li Jekman bilen nikasynda iki çagasy bar – 23 ýaşly ogly Oskar we 18 ýaşly gyzy Awa.
9. Argentinaly hirurg-transplantologlar özboluşly operasiýalar toplumyny amala aşyrdylar – bir donordan birbada üç çaga organlary geçirdiler. Şeýlelikde, bir donor birbada üç ýaş hassanyň janyny halas etdi. «Garrahan» hassahanasy 1992-nji ýyldan bäri organ transplantasiýasy bilen meşgullanýar, şol döwürde müňden gowrak şeýle operasiýa geçirildi.
Sport habarlary
10. Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellator 300-däki» garşydaşy belli boldy. Ýarym agyr agram derejesinde tutluşyklara gatnaşýan türkmen söweşijisi polşaly Maseý Ružanski bilen tutluşyk geçirer. Garşydaşlar 8-nji oktýabrda San-Diýegoda duşuşarlar. Ýagşymyradowyň häzir bassyr iki ýeňşi bar. Türkmen söweşijisi soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda «Bellator 292-de» geçirip, eminleriň biragyzdan gelen karary bilen litwaly Julius Anglikasdan üstün çykdy. Ružanski bolsa, öz gezeginde, 2023-nji ýylyň fewral aýynda Karl Murdan utuk tapawudy bilen utulypdy. 34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda «Bellator» promouşen kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Türgen «Bellatordaky» ilkinji türkmenistanly söweşiji boldy. Onuň 20 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň tamamlana tutluşygy bardyr.
11. Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň täze topary «Muras Ýunaýted» futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogy – 2023-iň final oýnunda ýurduň häzirki çempiony «Abdyş-Atadan» üstün çykdy. Duşuşyk Bişkek şäheriniň baş sport meýdançasynda – Dolen Omurzakow adyndaky stadionda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden Çingiz Idrisow we Artýom Serdýuk tapawutlanmagy başardylar. «Abdyş-Ata» toparynyň ýeke-täk pökgüsini türkmen goragçysy Teýmur Çaryýew tora girizdi. Ýatlatsak, Bahreýniň milli ýygyndysyna garşy geçirilen dostluk duşuşygynda Çaryýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji pökgüsini tora saldy.
12. Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy Serdar Azmun Italiýanyň «Roma» toparynyň resmi oýunlarynda ilkinji duşuşygyna gatnaşdy. Azmunyň ilkinji çykyşy «Seriýa A-nyň» 4-nji tapgyrynda «Empoli» bilen oýna gabat geldi. Duşuşyk rimlileriň peýdasyna 7:0 hasabynda tamamlandy. Azmun oýnuň 84-nji minutynda Romelu Lukakunyň ornuna meýdança çykdy. Ýatlatsak, «Roma» 26-njy awgustda Serdar Azmun bilen şertnama gol çekilendigini yglan edipdi. «Baýeriň» hüjümçisi italýan kluby bilen 12 million ýewro satyn almak mümkinçiligi esasynda, bir ýyllyk kärendesine hukugy bilen şertnama baglaşdy.