Turkmenportal logo
17.09.23
3023330233
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
8-9-njy oktýabrda Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçiriler

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, 8-9-njy oktýabrda tutuş ýurtda «Türkmenistan – bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.