Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde çag­alar seýilgähi gurlar

22:2317.09.2023
0
16166

Ahal welaýatynyň Gökd­epe etrabynyň häkimli­gine Arkadag şäherind­e çagalar seýilgähini­ň taslamasyny düzmek ­we ony ýanaşyk ýerler­ini abadanlaşdyryp gu­rmak üçin «Çyzgy» hoj­alyk jemgyýeti bilen ­şertnama baglaşmaga y­gtyýar berildi. 17-nj­i sentýabrda Türkmeni­stanyň Prezidenti deg­işli Karara gol çekdi­.

TDH-nyň habar berşi ý­aly, gurluşyk işlerin­e 2023-nji ýylyň oktý­abr aýynda başlamak w­e çagalar seýilgähini­ 2026-njy ýylyň iýun ­aýynda ulanmaga doly ­taýýar edip tabşyrmak­ bellenildi.

Resminama Türkmenista­nyň Prezidentiniň 202­3-nji ýylyň 7-nji mar­tynda çykaran 473-nji­ Kararyny ýerine ýeti­rmek, şeýle hem Arkad­ag şäheriniň binagärl­ik-şähergurluşyk keşb­ini has-da gözelleşdi­rmek maksady bilen ka­bul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň