Soňky habarlar

Arhiw

Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar

11:5429.08.2023
0
31425

Türkmenistanda

1. Tomus pasly tamamlanyp barýar, täze okuw ýyly ýetip gelýär, oňa gowy dynç alan ýaş türkmenistanlylar täze güýç bilen we ruhubelentlik bilen girişerler. Tomus möwsüminde Türkmenistanda 20,5 müňden gowrak çaga guramaçylykly dynç aldy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda babadaýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, şu günler ýerleri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de ekişi agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar, hususan-da, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak işleri dowam edýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary pagta ýygymyna taýýarlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.

3. Russiýadan Saud Arabystanyna ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Otlynyň ýoly «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden üstaşyr geçýär. Şeýle hem Hindistandan, Hytaýdan we Gündogar Aziýadan umumy bahasy 250 milliard dollara golaý bolan önümleriň «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça Ýewropa iberilmegine garaşylýar.

4. Türkmenistanyň ýaş wekilleri Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin guralan ýygnanyşyga (lagere) gatnaşdylar. Ýaşlar forumy Daşkentde geçirildi. Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan gatnaşyjylar reproduktiw saglyk, gender deňligi we jynslaryň arasyndaky deňsizligiň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda tälimçileri taýýarlamak üçin maksatnamalary döretmegi öwrendiler. Şeýle-de olar degişli ugurda media çykyşlarynyň meseleleri boýunça öz sowatlylyklaryny ýokarlandyrdylar.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Dünýäde

6. Finlýandiýanyň Lahti şäheriniň ýaşaýjylaryna köne dokma önümlerini gaýtadan işlemäge berseler mugt kofe ýa-da howuza girmek üçin petekler paýlanýar. Ýörite nokatlar ulanylan ýassyk daşlaryny, joraplary, ýassyklary, ýorgany, halyçalary we beýleki dokma öý esbaplaryny ýygnaýarlar. Olary gaýtadan işlemek ýerli zawod tarapyndan amala aşyrylar. Höweslendiriş ulgamynyň kömegi bilen Lahtide gaýtadan işlenen dokma önümleriniň möçberi 500% ýokarlandy.

7. Gyzyl planetada ýaşamagyň esasy faktorlaryndan biri kolonistlerde käbir häsiýet aýratynlyklarynyň toplumynyň bolmagydyr. Amerikaly matematikler Marsda işleýän bazanyň ekipažynyň köpýyllyk ömrüniň modelirlemesini geçirdiler. Barlagçlar Ýerden käbir çeşmeleri aljak koloniýanyň modelini döretdiler. Olar bu gurluşyň az sanly adamyň uçmagyna mümkinçilik döredýändigini we taslamanyň umumy çykdajylaryny azaldýandygyny ýüze çykardylar. Hasaplamalara görä, şeýle şertlerde iň az adam sany 22 bolsa, koloniýa durnukly hereket edip biler. «Psihologiki» faktor hem möhüm bolup durýar. Şeýlelik bilen, ýokary hoşniýetlilik görkezijileri bolan «adamlar» has uzak ýaşaýarlar. Emma neýrotizm alamatlary we gowşak hyzmatdaşlyk ukyby bolan wirtual kolonistler bolsa örän çalt öldüler.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Hytaýyň Dalýan şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Taýýarlygyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirmek meýilleşdirilýär. Tälimçi Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň çempionatynda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sinden ybarat topara ýolbaşçylyk eder. Ýatlatsak, Türkmenistan Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň «K» toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Taýwanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. Duşuşyklar 6 ― 12-nji sentýabr aralygynda Indoneziýada geçiriler.

9. «Kitçi» toparynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Gonkong» FK bilen geçirilen oýunda iki gola goşant goşdy. Mingazowyň topary 8:0 hasabynda ýeňiş gazandy. 21-nji minutda Kim Sin Uk türkmen ýarymgoragçysynyň ýardamy bilen pökgini tora girizdi, 6 minutdan soň Ruslanyň özi hem tapawutlanmagy başardy. «Kitçi» toparynyň Gonkongyň çempionatynyň iki başlangyç tapgyrynda iki ýeňiş gazanyp, ýaryşyň sanawynda birinji orny eýeleýändigini bellemek gerek.

10. Russiýa futbol boýunça Birinji ligasynyň 7-nji tapgyrynda Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Mahaçkalanyň «Dinamo» topary bilen Dmitriý Homuhanyň tälimçilik edýän Ýaroslawl şäheriniň «Şinnik» toparynyň arasynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Duşuşygyň netijelerine görä, «Dinamo» sanawda 14-nji, «Şinnik» bolsa onunjy orunda barýar. Gurban Berdiýew bilen Dmitriý Homuhanyň meşhur türkmen futbolçylarydygyny bellemek gerek. Berdiýew 18 ýaşyna çenli Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň ýetginjekler düzüminde oýnady, 1971-nji ýylda bolsa «Stroitel» toparynyň esasy düzüminiň ýarym goragçysy boldy we onda arakesmeler bilen 1979-njy ýyla çenli oýnady. Aşgabatly Homuha futbol karýerasyna ýerli «Kolhozçy» toparynda başlady we Türkmenistanyň milli ýygyndysynda birnäçe oýna gatnaşdy. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Futbolyň taryhy we statistikasy boýunça Halkara federasiýasy (IFFHS) öňki oýunçylary futbol boýunça Türkmenistanyň ähli döwürleriniň simwoliki ýygyndysyna goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň