Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şu tomus 20 müň 500-den gowrak çaga guramaçylykly dynç aldy

10:5228.08.2023
0
29957

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 7 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada beren hasabatynda bellenilişi ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanda 20 müň 500-den gowrak çaga guramaçylykly dynç aldy. Şeýle hem ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary geçirildi.

Bulardan başga-da, hasabat döwründe bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalary neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazandylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli meýilnamalaýyn çäreler, dürli bäsleşikler, halkara ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar geçirildi. Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň düýbi tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň