Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Italiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler,Türkmenistan we Eýran tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

11:5617.08.2023
0
35436

Türkmenistan

1. Alty sany türkmenistanly talyp Italiýada «italýan dili we edebiýaty» ugry boýunça üç aýlyk hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmäge hukuk aldylar. Maksatnamanyň çäklerinde talyplar ylym we tehnologiýalar, italýan dili, edebiýaty we medeniýeti ýaly dürli ugurlar boýunça akademiki okuwlara gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.

2. 19-njy awgustda Aşgabatda tomaşaçylar «48 sagadyň dowamynda surata düşürmek» atly özboluşly taslamanyň çäklerinde döredilen gysga göwrümli filmlerden lezzet alarlar. Filmleriň görkezilişi tomaşaçylara häzirki zaman türkmen kinematograflarynyň dürlüligini we zehinini görmäge, ýaş režissýorlar we aktýorlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik döreder, şeýle hem indiki ýyl geçiriljek «48HFR» bäsleşigine gatnaşmaga höweslendirer. Tomaşaçylara dürli mowzuklarda 18 gysga göwrümli film görkeziler. Görkeziliş Amerikan merkezinde geçiriler.

3. Türkmenistan we Eýran soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi sebäpli ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly hem-de çägeli tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

4. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 242,7 million dollar boldy, şonuň 61,3 million dollary türkmen eksportyna degişlidir.

5. Türkmenistanda garpyz we gawun hasylyny ýygnamagyň wagty geldi. Bu ekinler ýurt üçin adaty bolup, oba hojalyk we gök-bakja ekinleriniň agramly bölegii eýeleýär. Ekin meýdanlarynda gawunyň dürli görnüşlerini görmek bolýar, olaryň arasynda çärjew, torpeda we türkmen tohumlary tapawutlanýar. Dünýäde belli bolan gawunyň 1500 görnüşiniň 400-si Türkmenistandan gelip çykýar. «Garpyzyň bişenligini kesgitlemek üçin gabygyň üstündäki sary tegmile, gury sapagyna we kakylanda çykarýan sesine üns bermeli. Garpyzyň sesi pes eşidilmeli, gaty däl» diýip, daýhan Merdan Hudaýberdiýew gürrüň berdi. Garpyz we gawun möwsümi oktýabr aýyna çenli dowam eder. Häzirki wagtda irki we orta sortlar ýygnalýar, giçki tohumlar bolsa soň bişer.

6. Aşgabatda 2023-nji ýyldaky kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama görä, dünýä çempionaty 2023-nji ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Bäsleşige dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan 500 töweregi türgen gatnaşar.

Dünýäde

7. Russiýa Federasiýasynyň hökümeti 2012-nji ýylda bäş sany Hazarýaka döwleti tarapyndan Moskwada gol çekilen Hazar deňzini guryýer çeşmelerinden hapalanmakdan goramak baradaky teswirnamany tassyklady. Resminamanyň maksady deňiz gurşawynyň guryýer çeşmelerinden we guryýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmagynyň öňüni almak, azaltmak, gözegçilikde saklamak we mümkin boldugyça goramakdyr.

8. Ýaponiýada «Lan» harasaty sebäpli iki müňe golaý adamyň daşarky dünýä bilen gatnaşygy kesildi. Ýramaz howa we güýçli ýagyş birnäçe infrastruktura desgalarynyň weýran bolmagyna sebäp boldy. Mundan başga-da, tebigy betbagtçylygyň netijeleri sebäpli 180 müňden gowrak adama başga ýere göçürilmek maslahat berildi.

Sport habarlary

9. Gresiýanyň Pireý şäherinde Angliýanyň «Mançester Siti» we Ispaniýanyň «Sewilýa» toparlarynyň arasynda UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşyk geçirildi. Oýnuň esasy wagtynda ýeňiji kesgitlenmedi, ol 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. «Sewilýanyň» düzüminde Ýussef En-Nesiri (25), «Mançester Sitiniň» düzüminde bolsa Koul Palmer (63) tapawutlandy. Ýeňiji oýundan soňky 11 metrlik urgular arkaly anyklanyldy, onda şowlulyk iňlisleriň tarapynda boldy – 5:4.

10. «Al-Hilal» Neýmaryň toparyň köýnekçesi bilen wideosyny paýlaşyp, futbolçynyň transfer edilendigini habar berdi. Şertnamanyň maliýe aýratynlyklary aýan edilmedi, emma habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, «PSŽ» braziliýaly futbolçy üçin bonuslary hasaba almazdan, 90 million ýewro aldy. Neýmar 2017-nji ýylyň tomsundan bäri «PSŽ-de» çykyş edýärdi. Ol Pariže şol wagt rekord derejedäki 222 million ýewro bilen geçdi. Ol 2013 – 2017-nji ýyllar aralygynda «Barselonada» çykyş edipdi.

11. 20 – 27-nji awgust aralygynda Gissaryň Merkezi stadionynda futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U-17) arasynda CAFA-2023 çempionaty geçiriler. Çempionata sebitiň bäş ýurdundan – Täjigistandan, Eýrandan, Özbegistandan, Owganystandan we Gyrgyzystandan toparlar gatnaşarlar. CAFA-2023 (U-17) çempionatynyň çäklerinde 10 oýun oýnalar. Duşuşylar bir aýlaw bilen aýlaw ulgamynda geçiriler, onda her topar beýleki toparlaryň ählisi bilen duşuşar. Ýeňiji topar toplanan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň