Turkmenportal logo
17.08.23
2967429674
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mançester Siti» «Sewilýany» utup, UEFA-nyň Superkubogyna eýe çykdy

Gresiýanyň Pireý şäherinde Angliýanyň «Mançester Siti» we Ispaniýanyň «Sewilýa» toparlarynyň arasynda UEFA-nyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşyk geçirildi. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy. «Sewilýanyň» düzüminde Ýussef En-Nesiri (25), «Mançester Sitiniň» düzüminde bolsa Koul Palmer (63) tapawutlandy.


Şeýlelikde, gapma-garşylygyň ýeňijisi oýundan soňky 11 metrlik urgular arkaly anyklanyldy. Futbol lotoreýasynda iňlis kluby 5:4 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.


Ýeri gelende bellesek, «Mançester Siti» öz taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy. Topar geçen möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek ÝÇL-de hem çempion bolupdy.


Geçen möwsümde Ýewropa Ligasynyň çempiony bolan «Sewilýan» hem 2006-njy ýylda UEFA-nyň Superkubogyny eýeläpdi.