Top.Mail.Ru

Mirziýoýew we Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler, belarus žurnalistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan mediaforuma çagyryldy we beýleki habarlar

12:1204.08.2023
0
45796

Türkmenistan

1. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmon şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üç taraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler. Üç taraplaýyn duşuşyga gatnaşýan dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanlar gyzgyn we mähirli garşylandy.

2. Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» atly sergi açyldy. Polşaly suratkeş Ioanna Galeska, takmynan, iki aý bäri Türkmenistanda bolýar. Ol güneşli ülkede bolýan döwründe dörän täsirleri öz işlerinde beýan edýär. Sergi 5-nji awgusta çenli dowam eder.

3. GDA-nyň teleradio kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Minskde geçirilen duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti belarus kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Türkmenistanyň wekilleri iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem olar belarus žurnalistlerini Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek mediaforuma gatnaşmaga çagyrdylar.

4. Türkmenistanyň söwda deňiz floty Türkmenbaşyndan Hazar deňziniň kenary boýunça syýahatçylyk ugurlaryny ýola goýdy. Ýolagçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna we Gyzylsuw adasyna baryp bilerler. Syýahatçylyk 350 adama niýetlenen ýokary tizlikli «Çarlak» gämisinde geçirilýär. Gämi bar-kafe hem-de açyk we ýapyk bölümler bilen üpjün edilendir. Biletleri CJSC "Deňiz söwda floty" -nyň resmi web sahypasynda satyn alyp bilersiňiz.

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepelşiginde habar berlişi ýaly, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygynyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Onuň elinden çykan nepis kürte halkyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrüldi.

Dünýäde

6. Russiýanyň Merkezi banky sanly rublyň nyşanyny (logotipini) hödürledi. Ol iki bölekden durýar: adaty teňňäniň keşbini gaýtalaýan nyşanyň bir tarapyndan rubl belgisi we tegelek çyzyk, beýleki tarapynda bolsa Russiýanyň bankynyň nyşany ýerleşdirilipdir. Sanly rubl blokçeýn tehnologiýasy esasynda durmuşa geçiriljek milli walýutanyň täze görnüşidir.

7. ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary anna güni, esasanam günortan işçileriň netijeliliginiň iň pes derejededigini belleýärler. Bu netije 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda Tehasdaky energiýa kompaniýalarynyň biriniň işgärleriniň kompýuter ulanmak boýunça görkezijileri esasynda öňe sürüldi. Tekst ýazmagyň tizligi, «syçanjygyň» hereketiniň işjeňligi we ýazylan tekstlerdäki ýalňyşlyklaryň sany seljerildi. Barlagyň netijelerine görä, hepdäniň ilkinji dört iş gününde işçileriň işjeňliginiň ýokarlanýandygy we anna güni birdenkä peselýändigi ýüze çykaryldy. Tekst ýazmagyň tizligi we «syçanjygyň» hereketiniň işjeňligi peselýärdi, emma tekstlerdäki ýalňyşlyklaryň sany köpelýärdi.

Sport habarlary

8. Şu gün Moskwada Halkara boks merkezinde dürli ýurtlaryň iň gowy türgenlerini bir ýere jemleýän abraýly «PRAVDA OLD SCHOOL BOXING» ýaryşy geçiriler. Bu boks agşamynda türkmen boksçysy Ýunus Gurbanow rus boksçysy Abdulmuslim Huçbarow bilen duşuşar. Duşuşygyň göni ýaýlymy «Matç! BOÝES» we «Matç!» teleýaýlymlarynda Aşgabat wagty bilen 22:00-da görkeziler.

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Çendu şäherinde geçirilýän Bütindünýä tomusky Uniwersiada – 2023-de ilkinji medalyny gazandy. Uşuçy türgen Aýgözel Gurbangeldiýewa 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Aýgözel Gurbangeldýewa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talybydyr.

10. Türkmenistanyň ýaş basketbolçylary zenanlaryň arasynda basketboly ösdürmek boýunça FIBA-nyň «Onuň dünýäsi, onuň düzgünleri» atly halkara taslamasyna gatnaşýarlar. Daşoguz şäherinde ussatlyk sapagy görnüşindäki sport çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy tarapyndan gurnalan bu çärä Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerinden 60-dan gowrak gyz, şeýle hem Aşgabat, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Olar üçin ussatlyk sapagyny çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçileri geçdiler. Tälimçiler oýunlardan öň gyzmak üçin haýsy maşklary ýerine ýetirmelidigini aýtdylar, basketbolyň tehniki esaslary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem çäräniň maksatnamasyna sport ýaryşlary we gyzykly oýunlar girizildi. Çäräniň ahyrynda ýaş türgenlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň