Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňziniň kenarynda gämili gezelenç gatnawy açyldy

16:5303.08.2023
0
79155

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenarynda gämili gezelenç gatnawynyň açylandygyny habar berdi.

Gämili gezelenç ugry deňiz menzilinden başlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenary çenli dowam edýär. Awazanyň kenary boýunça gämili deňiz gezelenjiniň dowamlylygy 3 sagat dowam edip, petegiň bahasy 45 manada deňdir. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi resmi saýtynda habar berdi.

Mundan başga-da gämiler, Türkmenbaşy – Gyzylsuw – Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli deňiz gatnawyny amala aşyrylýar. Gyzylsuw Türkmenistanyň Hazar deňizndäki ilatly ýeke-täk adasysydyr. Bu ugur boýunça gämili gatnawyň bahasy bir tarapa 20 manatdan ybaratdyr.

«Türkmenbaşy — Awaza», «Türkmenbaşy — Gyzylsuw» gatnawlary üçin petekleri deňiz söwda flotunyň resmi internet sahypasynda onlaýn görnüşinde alyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdaky salgylar bilen habarlaşyp bilersiňiz:

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menzili, +993 243 51107, marinestation@mmf.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň