Turkmenportal logo
04.08.23
3804838048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada sapar bilen geldi
Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada sapar bilen geldi
Surat: president.uz

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.



Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman mähirli garşylandy. Bu ýerde üç ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däplerine görä, Özbegistanyň Liderine duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy.


Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.