Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, «Ogonki» ansambly «Awazada» öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar

12:0008.06.2023
0
64798

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy göreşi pugtalandyrmagy tabşyrdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde içeri işler ministri Muhammet Hydyrow döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

2. Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti şu ýylda 28-29-30-njy iýuna gabat gelýän Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtynyň wekilleri Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý edip, musulmanlar üçin mukaddes bolan Käbä sejde ybadatyny hem-de beýleki tagat-ybadatlary ýerine ýetirerler. Zyýaratçylar üçin «Türkmen howa ýollary» Saud Arabystanyna ýörite howa gatnawyny gurar.

3. «Ogonki» rus tansy ansambly 13 – 16-njy iýun aralygynda Türkmenistanda geçiriljek «Awaza-2023» halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşar. Ansambl festiwalyň myhmanlaryna we oňa gatnaşyjylara özüne meşhurlyk getiren iň şowhunly çykyşlaryny görkezer.

4. «Awaza» dynç almak üçin bütin Türkmenistandan 876 mekdep okuwçysy geldi. Aşgabat – Türkmenbaşy otlusynyň irdenki gatnawy arkaly 676 çaga Ahal, Balkan, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden, ýene 200 çaga bolsa uçar arkaly Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan geldiler. Çagalar Türkmenbaşy şäher we Awaza etrap häkimlikleri, şeýle hem çagalar sagaldyş merkezleri tarapyndan gyzgyn garşy alyndylar. Çagalary «Awazadaky» ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde ýerleşdirmek boýunça guramaçylyk işleri tamamlanandan soňra dabaraly nyzamlar we dynç alyş agşamlary geçirildi.

5. Oktýabr aýynda Aşgabatda Rus dilinde açyk bilim we rus dilini öwrenmek merkezi açylar. Merkeziň Aşgabatdaky Rus öýüniň binýadynda hereket etjekdigi bellenilýär.

6. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Barlaghana müdiri Meret Hudaýberdiýew Döwlet intellektual eýeçilik gullugyndan gawun çipsilerini taýýarlamak üçin patent aldy. Çipsileri taýýarlamagyň usuly gawuny deslapky gaýtadan işlemegi we üç tapgyrda guratmagy öz içine alýar.

Dünýäde

7. Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň arasynda «ýylgyryş sapaklaryna» isleg artýar. Adaty bolmadyk sapaklara bolan gyzyklanmany ýaponlar pandemiýa döwründe ýylgyrmagy ýatdan çykarandyklary bilen düşündirýärler. Ýylgyryşy kämilleşdirmek boýunça hususy ussatlyk-sapagynyň bahasy, ortaça, 55 dollara deňdir. Keýko Kawano – «Ýylgyryşy öwretmek» kompaniýasynyň esaslandyryjysydyr. Kawano öz okuwyny «Golliwud ýylgyrşynyň tehnikasy» diýip atlandyrdy we adamlara «ýaňaklar tegelek, gözler bolsa ýarymaý şekilinde bolar ýaly» ýylgyrmagy öwredýär.

8. Gawaýa adalarynda dünýädäki iň işjeň wulkanlaryň biri atylyp başlady. Awiasiýa howpunyň «gyzyl» kody yglan edildi. ABŞ-niň Geologiýa gullugynyň habar bermegine görä, wulkanyň atylmagy gawaýanyň milli wulkanlar seýilgähiniň çägindäki Kilauea Halamaumau belentligindäki kraterde başlandy. Kilauea gawaýa mifologiýasynda we edebi rowaýatlarda Peleniň – gawaýa halkynda wulkanlaryň zenan hudaýynyň ýaşaýan ýeri hasaplanýar.

Sport habarlary

9. «Narwa Trans» Estoniýanyň Kubogynyň finalynda Tallin şäheriniň «Flora» toparyndan üstün çykdy. Bu ýeňiş bilen Narwa şäheriniň topary indiki möwsümde Konferensiýa ligasynyň birinji saýlama tapgyrynda oýnar. Ýatlatsak, şu ýylyň martynda Türkenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Mirza Beknazarow «Narwa Trans» bilen «1+1» görnüşinde deslapky şertnamany baglaşypdy. Ýakyn günlerde Beknazarow Ýewropada işlemek üçin rugsatnama aldy we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garamagyndan yzyna dolanan badyna narwalylaryň düzüminde meýdança çykyp biler. Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Podmoskowýede erkekler ýygyndylarynyň arasynda ilkinji CAFA Milletler kubogyna taýýarlyk görmegini dowam edýär. Çarşenbe güni Mergen Orazowyň şägirtleri dostluk duşuşygynda 8:0 hasabynda «Saturn» toparyndan üstün çykdylar.

10. Madridiň «Realy» yzygiderli ikinji gün transfer bazarynda täzelik girizýär. Şa topary ýaňy Benzema bilen hoşlaşypdy, eýýäm bolsa Dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Juda Bellingem bilen 103 million ýewrolyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. bu möwsümde angliýaly futbolçy Bundesligada 31 duşuşyga çykypdy. Ol 8 pökgi geçirip, 4 sany assist etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň