Turkmenportal logo
07.06.23
4796147961
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl türkmenistanlylaryň 2312-si haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna gider
Şu ýyl türkmenistanlylaryň 2312-si haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna gider

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde Türkmenistanyň 2312 sany raýatyny haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada TDH habar berdi.


Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.


Şu ýyl haj zyýaratyna gitjek ähli raýatlar ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany Patyşalygyna eltilip-getirilmegi üpjün edildi.

Şu ýyl türkmenistanlylaryň 2312-si haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna gider | Turkmenportal.com