Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda

12:0007.06.2023
0
30071

Türkmenistanda

1. Aşgabatdan Awaza täze awtobus gatnawy ýola goýulýar. Ol 11-nji iýundan başlap her gün hereket eder. Gatnawyň başlangyç nokady Halkara awtomenzil bolar, awtobus ol ýerden irden sagat 6:00-da, yzyna bolsa 13:00-da ugrar.

2. 17-nji iýunda Maşatda iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşmaklarynda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler. Maşadyň Söwda-senagat edarasy we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran topary çäräni guraýjylar hökmünde çykyş edýär. Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

3. Lebap welaýatynyň Döwlet sazly-drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti esasynda täze spektakly sahnalaşdyrdy. Eseriň sýužetinde Nurgazy atly gyrgyz oglanjygyň ykbaly beýan edilýär, onuň keşbini aktrisa Dursun Taganowa ussatlyk bilen janlandyrdy. Spektakla Perhat Hudaýberenow režissýorlyk etdi.

4. Düýn Büjnürd şäherinde geçirilen atçylyk festiwalyna 200-e golaý arassa ganly türkmen aty gatnaşdy. Festiwal her ýyl Türkmenistan bilen serhetdeş Demirgazyk Horasanda geçirilýär, bu ýer arassa ganly türkmen atlarynyň dünýädäki iň uly genetiki gorlarynyň biri hasaplanýar.

5. Aşgabatda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 224 ýyllygy mynasybetli onuň Puşkin meýdançasyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri, Puşkin adyndaky Umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň ilçileri şahyry hatyralamak üçin ýygnandylar. Ýadygärligiň öňünde şahyryň goşgulary okaldy. Mekdep okuwçylary A.S.Puşkiniň eserlerini dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirdiler.

Dünýäde

6. Italiýaly balykçy Alessandro Býankardi uzynlygy 285 santimetr dünýäniň iň uly lakga balygyny tutdy. Italýaly balykçy bu äpet balygy çeňňegiň kömegi bilen tutupdyr. Onuň bellemegine görä, ol lakga balygy kenara çykarýança onuň bilen 40 minuda golaý wagt göreşipdir. Surata düşürilenden soň, italýaly balykçy ony yzyna derýa goýberipdir. Resmi taýdan tassyklansa, Býankardiniň tutan balygy dünýä rekordy hökmünde bellige alnar. Öňki rekord 281 sm uzynlygyndaky lakga balygy tutan nemes Stefan Sýuza degişlidir.

7. 29-njy iýunda Los Anjelesde 23-nji ýyllyk «Golden Trailer Awards» baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçiriler we onda iki sagatlyk filmleri iki minutlyk treýlere öwürýän döredijilik toparlary sylaglanarlar. Iň köp girdeji gazanan filmleriň hatarynda «Gara Pantera 2: Wakanda ömürbaky», «Ýerasty gowaklar & aždarhalar: Ogrularyň mertebesi», teleseriallaryň arasynda bolsa «Ted Lasso» we «Örän geň işler» öňdebaryjylar hasaplanýar.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň birinji tapgyry tamamlandy. Sişenbe güni «Altyn asyr» 2:1 hasabynda «Ahaly» ýeňdi, «Merw» myhmançylykda 4:1 hasabynda «Aşgabatdan» üstün çykdy, «Şagadam» bolsa bir gol tapawut bilen «Energetigi» ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji tapgyryň oýunlary 8-nji iýunda penşenbe güni geçiriler. Ýatlatsak, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyna ýurduň Ýokary ligasynyň alty topary gatnaşýar. Ýeňiji 5 tapgyryň netijesi boýunça kesgitlener.

9. Aşgabatly Saparmyrat Atabaýew Duşenbe şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä kubogynyň sebitleýin ýaryşynda ilkinji üçlige girdi. Ol 9 tapgyryň netijeleri boýunça 6.5 utuk toplady. Özbek grossmeýsteri Nodirbek Ýakubboýew we Gazagystanly halkara ussat Alişer Suleýmenow hem şonça utuk ýygnadylar, olar türkmen grossmeýsterinden diňe goşmaça görkezijiler boýunça öňe geçdiler.

10. Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» topary hüjümçi Karim Benzemanyň düzümine goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Fransuz futbolçy iki ýyllyk şertnama baglaşdy, şol döwürde ol, takmynan, 200 million ýewro gazanar. Karim Benzema «Realda» 14 möwsüm geçirdi. Ol derwezä 353 pökgi geçirip, Madridiň toparynyň taryhyndaky ikinji bombardir boldy. Benzema arap ligasyna «Altyn pökginiň» häzirki eýesi, bäş gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we dört gezek Ispaniýanyň çempiony hökmünde geçýär.

11. Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşynda (U-12) Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň kapitany, ýurduň ilkinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý şägirtleriniň ýaryşdaky üstünlikli başlangyjyna teswir berdi. Ýatlatsak, ýaryşyň açylyş güni Türkmenistanyň oglanlar we gyzlar toparlarynyň ikisi hem 3:0 hasabynda Gyrgyzystanyň wekillerini ýeňdiler, ertesi gün bolsa türkmenistanlylar şol hasap bilen owganystanly garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Rogusskiý Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň üstünlikli başlamagyny gowy taýýarlyk bilen düşündirdi, şeýle hem toparyň öňünde azyndan ýeňijileriň hatarynda bolmak, iň esasysy bolsa ýaryşyň altyn medallaryny gazanmak wezipesiniň goýlandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň