Turkmenportal logo
06.06.23
9415494154
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdan Awaza göni awtobus gatnawy ýola goýulýar
Aşgabatdan Awaza göni awtobus gatnawy ýola goýulýar

11-nji iýundan başlap her gün «Halkara awtomenzil – Awaza» ugry boýunça şäherara awtobus gatnawy hereket eder. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça hereket etjek awtobus Aşgabat şäheriniň Halkara awtomenzilden sagat 06:00-da ugrar.


«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrundaky awtoduralgadan ugrajak awtobus bolsa sagat 13:00-da ýola çykar.