Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Ittihad» Benzemany düzümine goşandygyny resmi ýagdaýda mälim etdi

23:5306.06.2023
0
25885

Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» kluby hüjümçi Karim Benzemany düzümine goşandygyny resmi ýagdaýda yglan etdi. Fransiýaly forward bu topar bilen iki ýyllyk şertnama gol çekişdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, 35 ýaşly hüjümçi saud toparynda iki ýyl üçin 200 million ýewro möçberde zähmet hakyny alar.

Karim Benzema mundan ozal 14 möwsüm «Realyň» düzüminde oýnady. Ol ispan toparynda 353 gol urup, klubyň taryhyndaky iň netijeli ikinji oýunçy boldy. Ýeri gelende bellesek, Benzema Saud Arabystanynyň «Al-Ittihadynyň» düzümine «Altyn topuň» şu wagtky eýesi hökmünde goşuldy. Mundan başga-da, ol bäş gezek ÝÇL-iň we dört gezek La Liganyň çempiony boldy.

«Al-Ittihad» Saud Arabystanynyň häzriki çempiony hasaplanýar. Bu toparyň esasy garşydaşy bolsa, Kriştianu Ronaldunyň häzriki çykyş edýän ýeri bolan «Al-Nasr» klubydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň