Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda tennis boýunça sebitleýin ýaşlar ýaryşy geçiriler, «KAMAZ» Daşoguzda hyzmat ediş merkezini açar, Arkadag şäherinde gyssagly kömek gullugy hereket eder we beýleki habarlar

11:5222.05.2023
0
26478

Türkmenistanda

1. Türkmenistan «KAMAZ» AGPJ bilen pugta aragatnaşyk saklaýar. Häzirki wagtda rus awtoulag ägirdiniň on müňlerçe awtoulagy türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda peýdalanylýar. «KAMAZ-yň» ilkinji hyzmat ediş merkezi 2008-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda açyldy. Şuňa meňzeş merkezler Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem açyldy. 2023-nji ýylda Türkmenistandaky bäşinji merkezi Daşoguzda açmak meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Komitas Sona Owanisýan adyndak Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň çäklerinde iki ýurduň aýdym-saz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki çäräni geçirmegi maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýolbaşçylar, mugallymlar we talyplar derejesinde sapar alyş-çalşygy meselelerine üns berildi.

3. Arkadag şäherinde gyssagly kömek gullugy işlär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda belläp geçişi ýaly, 123 belgili ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüztutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we «Tiz kömek» merkezlerine maglumat berer hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraar. Şeýlelik bilen, onuň işi heläkçilikleriň we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdirilendir.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy we olaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

5. «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergä 140 sany türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň we edaralaryň, hususy telekeçiler gatnaşmaklaryna garaşylýar. Adatça sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralýar. Şu ýyl türkmen paýtagtynyň ykdysady, medeni we bilim mümkinçilikleriniň gözden geçirilişi 24-25-nji maýda geçiriler.

Dünýäde

6. Nirwana rok-toparynyň ýolbaşçysy Kurt Kobeýniň gitarasy bäsleşikli söwdada (auksionda) 595 500 dollara satyldy. Çep elde çalmak üçin niýetlenen gitara konsertleriň birinde «Nevermind» aýdymy ýerine ýetirilýärkä Kobeýn tarapyndan döwüldi. Satuwdan öň gitaranyň bölekleri ýygnalyp, gaýtadan dikeldildi. Guralyň gabarasynda «Nirwana» toparynyň ähli agzalarynyň gollary bardyr.

7. Pekindäki metro liniýalarynyň birinde eliň aýasynyň yzy boýunça syýahat üçin töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi. Eliň aýasy bilen töleg geçirmek üçin metro girmezden ozal petek enjamyna biometrik maglumatlary girizmeli we WeChat messenjerine girmeli. Şonda awtobus duralgasyndaky turniketde eliňizi goýmak ýeterlikdir. Metrodan çykanyňdan soň pul awtomatiki usulda hasabyňyzdan alynýar. Bu tehnologiýa hatda nagt puluňyz bolmadyk ýagdaýynda we smartfonyň zarýady gutaran ýagdaýynda-da syýahat üçin kynçylyksyz töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sport habarlary

8. Halkara futbol federasiýasy Türkmenistanda zehinli oýunçylary gözlemek we milli ýygyndy üçin futbolçylary kämilleşdirmek boýunça täze taslamany durmuşa geçirer. Taslamanyň wezipelerini iki günlük sapar bilen Türkmenistanda bolýan FIFA-nyň sebitleýin tehniki geňeşçisi Gaýoz Darsadze tarapyndan hödürlendi. Saparyň dowamynda Darsadze federasiýanyň ýolbaşçylygy we tehniki bölümiň hünärmenleri bilen 2023-nji ýyldan başlap Türkmenistanda durmuşa geçiriljek FIFA-nyň zehinleri ösdürmek taslamasy barada pikir alyşdy.

9. Aşgabatda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiligi geçiriler. Bäsleşik 5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçiriler. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçiriljek çempionatyň tertibine laýyklykda, oňa Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşarlar.

10. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 37-nji tapgyrynda «Arsenalyň» «Nottingem Forest» toparyna garşy duşuşykda ýeňilmegi Londonyň klubyny ýaryşyň netijeleri boýunça çempion bolmak üçin matematiki mümkinçiliklerden mahrum etdi. Şeýlelik bilen, «Mançester Siti» Premýer-liganyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda yzly-yzyna üçünji gezek we taryhynda dokuzynjy gezek Angliýanyň çempiony boldy. Bu möwsümde «Mançester Sitiniň» futbolçylary Angliýanyň kubogyny we Çempionlar ligasyny gazanmak mümkinçiligini hem saklaýarlar. Pep Gwardiolanyň toparyna 3-nji iýunda «Uembli» stadionynda ýurduň Kubogyň finalynda «Mançester Ýunaýted» bilen, 10-njy iýunda Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda Italiýanyň «Inter» topary bilen geçiriljek duşuşyklar garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň